Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýetilen sepgitler milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän “Saglyk” maksatnamysynyň çäklerinde amala aşyrylýan uly özgetmeleriň miwesidir. Berkarar döwleti miziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösmegi saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny halkara ülňülerine laýyk gelýän derejesine ýetirýär.
“Türkmendermansenagat” birleşiginde halkymyzy we saglygy goraýyş ederalaryny ekologiýa taýdan arassa derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün etmek üçin “Saglyk” we “Tenekär” derman kärhanalary, “Türkmenderman-Ajanta Farma Ltd.” bilelikdäki kärhanasy, S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumy hereket edip, halkyň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly saglygygoraýyş binalaryň gurulmagy ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyndan we derman serişdeleriniň köpdürlüliginden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Ilatyň jan-saglygy, ýurduň abadançylygynyň, ýaşaýyş durmuş ýagdaýynyň iň esesy görkezijileriniň biridir. Raýatlarymyzyň saglygy hakyndaky üns-aladalar Berkarar döwlet derejesindeelmydama göz astynda saklanylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan her bir tutumly işiň gözbaşynda hormatly Prezitentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durandyr. Ýurduň içerki abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi hem bagtyýarlygy ata watanymyzyň halkara abyraýynyň getirýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe watanymyzda adam saglygy baş aladalaryň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowanyň başlangyjy bilen ýurdumyzda derman senagaty düýpli ösüşe eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde derman senagatyny inniwasion häsiýetde ösdürmäge weonuň pudaklarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga doly mümkinçilikler döredildi.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitabynda “Türkmenistanyň mineral suwlary ýurduň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir” diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurduň çäginde 20-den gowrak bejeriş ähmiýetli çeşmeler bellidir. Şolaryň biri-de 1967 –nji ýylda geçirilen geologik agtaryş işleriniň netijesinde burawlanan dik guýusyndan alynan suwuň barlaglary geçirilip “Berzeňňi” mineral suwlarynyň ýatagy açyldy. Ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 kilometr günortasynda, Merkezi Köpetdagy etekläp oturan Berzeňňindäki çeşmedir. Bu çeşmäniň 1250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. Onuň umumy minerallaşmasy M-3,2 g/dm3 , gyzgynlyk derejesi 360C pH=7,2. Guýynyň suw çykaryjylygy sekuntda 5 litre barabardyr. “Berzeňňi” mineral suwunyň düzümi şulardan ybarat: azot – umumy gazyň 92%, kükürtli wodorot gazy-3,3-3,9 mg/dm3, sulfatlar, kalsiý, magniý- degişlilikde 83,57,28 ekw.%, az mukdarda mikrogoşundylar-ýod 0,2 mg/dm3, brom 1,1 mg/dm3, sink 10-15 mg/dm3, marganes 0,005 mg/dm3.Gidrogeohimiki nukdaý nazardan bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir.
“Berzeňňi” mineral suwuny şu kesellerde ulanmak maslahat berilýär:
I. Iýmit siňdiriş agzalarynyň keselleri:
1. Dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe;
2. Reflýuks-ezofagit motor we ewakuasiýa funksiýalarynyň bozulmagynda;
3. Aşgazan we onkibarmakiçegäniň baş keseliniň gaýtgynynda;
4.Ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde;
5. Içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýynda;
ІI. Endokrin keselleri:
1. Süýjüli diabet;
III. Urologiýa kesellleri:
1. Dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejeleri;
2. Dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe.
Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Aşgabat şäherinde, Berzeňňinde